Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etme. Ýoldaşyň aýaly bilen jyns gatnaşygyny edip, özüňi haram etme. Eger bir adam aýbaşy görýän aýal bilen jyns gatnaşygyny etse, olaryň ikisi-de öz halkyndan çetleşdirilsin, çünki olar tämizlik baradaky kadalary bozdular. Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna bil baglamaz, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez. Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler. Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi. Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi. Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz?
Выбор основного перевода