Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim: Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer. garyba zulum etmez, peýda we göterim almaz. Eger ol Meniň hökümlerimi ýerine ýetirip, parzlarymy berjaý etse, kakasynyň ýazygy zerarly ölmän, ol hökman diri galar. Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar. Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder.
Выбор основного перевода