Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol dogrulygyma laýyk öwezini gaýtardy, ellerimiň tämizligine laýyk Ol sylaglady. Çünki men Rebbiň ýollaryndan ýöredim, Hudaýymdan aýrylmak ýaly erbet işi etmedim. Çünki gözümiň alnyndady ähli kararlary, özümden daşlaşdyrmadym Onuň parzlaryny. Men kämildim Onuň öňünde, sakladym özümi günä etmekden. Şonuň üçin, dogrulygyma we ellerimiň päkligine görä, Reb öwezini gaýtardy Öz nazarynda. Sadyklyk edýärsiň Sen sadyklara, kämillik edýärsiň Sen kämillere, päklik edýärsiň Sen päk ynsanlara, egrilere bolsa egriligine görä garaýarsyň Sen. Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar. Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
Выбор основного перевода