Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. «Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýaly bilen zyna eder. «Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýaly bilen zyna eder. Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.
Выбор основного перевода