Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer». Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr. Onsoň men şeýle diýdim: «Wah, Hökmürowan Reb! Bu halky we Iýerusalimi bütinleý aldap, siziň üçin sag-salamatlyk boljak diýdiň. Emma gylyç bogazymyza goýuldy!» Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Akmak pygamberleriň dat gününe! Olar hiç bir zat görmän, öz hyýallarynyň yzyna eýerýärler. Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar.
Выбор основного перевода