Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sürgünde bolýan wagtymyzyň altynjy ýylynyň altynjy aýynyň bäşine öýümde Ýahuda ýaşululary bilen otyrkam, Hökmürowan Reb elini meniň üstüme goýdy. Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy. Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär.
Выбор основного перевода