Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin. Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz. Adyňyzy Öz saýlanlaryma gargyş üçin galdyrarsyňyz. Hökmürowan Reb sizi ölüme höküm edip, başga at berer Öz bendelerine. Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men üstüňizden betbagtlyk inderip, tutuş ýahuda halkynyň soňuna çykmak kararyna geldim. Gahar-gazap we agyr jezalar bilen size hökümler çykaranymda, siz töweregiňizdäki milletlere masgara, sögünç, duýduryş hem gorky bolarsyňyz. Muny Men-Reb aýtdym. Adamlaryňyz ähli ýerde öldüriler, şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
Выбор основного перевода