Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Näme üçin bu halk ýoldan çykdy? Iýerusalim dyngysyz dönüklik edýär. Olar ýalana berk ýapyşyp, yza dolanmakdan boýun towlaýar. Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men olaryň başyndan bela indererin, olar gaçyp, gutulyp bilmezler. Olar Maňa dady-perýat ederler, emma Men olary diňlemerin. Kümüşleri köçelere taşlanar, altynlary murdar hasaplanar. Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşululary bilen gepleş we olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz Menden maslahat soramaga geldiňizmi? Öz barlygymdan ant içýärin, Men size Özüme maslahat saldyrtmaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Olaryň ýüregi butlarynyň yzyna eýerendigi üçin, Meniň hökümlerimi ret etdiler, parzlarymy berjaý etmediler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Siz bu güne çenli ogullaryňyzy otda gurbanlyk hökmünde hödür edip, ähli butlaryňyz bilen özüňizi haram edýärsiňiz. Şundan soň, eý, ysraýyl halky, Men size Özüme maslahat saldyrarynmy? Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men size maslahat bermerin.
Выбор основного перевода