Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz. Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Şonuň üçin hem olar bilen gepleş-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ýüregini butlara baglan, etmişlerini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýan, soň hem pygamberiň ýanyna baran her bir ysraýylla, Men-Reb butlarynyň köplügine laýyklykda Özüm jogap bererin. Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».
Выбор основного перевода