Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün adamlar özleriniň sežde etmek üçin ýasan altyn-kümüş butlaryny körsyçanlaryň, ýarganatlaryň öňüne oklarlar. Onsoň kümüş bilen örtülen butlaryňyzy, altyna gaplanan heýkelleriňizi haram saýarsyňyz; olary haram esgi hökmünde taşlarsyňyz, siz olara: «Güm boluň!» diýersiňiz. Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz.
Выбор основного перевода