Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar. Ekin ekeni, orak döwri orakçyny Babyldan ýok ediň. Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp, her kim öz halkyna tarap öwrülsin, her kim öz ýurduna gaçsyn. Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi. Onsoň men gökden başga bir ses eşitdim. Ol şeýle diýýärdi: «Eý, halkym! Onuň günälerine şärik bolmaz ýaly, onuň belalaryna uçramaz ýaly, ol ýerden çyk. Çünki onuň günäleri beýgelip göge ýetdi, Hudaý onuň jenaýatlaryny ýatlady.
Выбор основного перевода