Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýetmiş ýyldan soň, Men Babyl patyşasyny, onuň milletini we babyllylaryň ýurduny etmişleri üçin jezalandyraryn, ony ebedilik harabaçylyga öwrerin. Muny Reb aýdýandyr. Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider». Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar. Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz, nesiller boýy hiç kim aýak basmaz. Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi. Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“».
Выбор основного перевода