Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sadogyň ogly Ahymagas: «Ylgaýyn-da, Rebbiň patyşany duşmanlarynyň elinden halas edendigini oňa buşlaýyn» diýdi. Ýowap oňa: «Bu gün buşlamak gerek däl. Buşluk habary bu gün däl-de, başga bir gün äkidersiň, sebäbi şanyň ogly öldi» diýdi. Ýowap efiopiýaly bir adama: «Bar, näme gören bolsaň, patyşa habar ber» diýdi. Efiopiýaly oňa tagzym etdi-de, ylgady. Sadogyň ogly Ahymagas ýene Ýowaba: «Näme bolsa, şol bolsun, efiopiýalynyň yzyndan menem ylgaýyn» diýdi. Ýowap: «Sen näme üçin onuň yzyndan ylgajak, oglum?! Saňa buşlara zat ýog-a» diýdi. Ol ýene: «Her niçigem bolsa, menem ylgaýyn» diýdi. Ýowap: «Bolýar, bar ylga!» diýdi. Ahymagas düzlük bilen ylgap, efiopiýalydan ozup geçdi. Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi. Gözegçi gygyryp, muny patyşa habar berdi. Patyşa: «Eger ol ýeke bolsa, buşluk getirýändir» diýdi. Ol barha golaýlaşýardy. Soňra gözegçi ýene bir adamyň ylgap gelýändigini gördi. Ol: «Seret, ýene bir adam ylgap gelýär!» diýip, derwezebana gygyrdy. Patyşa: «Ol-da buşluk getirýändir» diýdi. Gözegçi: «Öňden gelýäniň ylgaýşy Sadogyň ogly Ahymagasyň ylgaýşyna çalym edýär» diýdi. Patyşa: «Ol gowy adam, gowy habar bilen gelýändir» diýdi. Ahymagas patyşa: «Sag-salamatlyk!» diýip gygyrdy. Soňra ol ýere ýüzin düşüp, patyşa tagzym edip: «Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun, Ol şa hezretlerine el galdyranyň almytyny berdi» diýdi. Patyşa: «Ýaş ýigit – Abşalom sag-salamatmy?» diýdi. Ahymagas: «Ýowap guluňy iberende, bir galmagal-a bardy, ýöne onuň nämedigini bilmedim» diýdi. Patyşa: «Bir gyra çekil-de, şol ýerde dur» diýdi. Ol bir gyra çekilip durdy. Soňra efiopiýaly geldi. Ol: «Şa hezretleri, buşluk! Garşyňa çykanlaryň hemmesiniň elinden Reb seni halas etdi» diýdi. Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýylyň Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler! Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň.
Выбор основного перевода