Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy. Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma. Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy. Ýalaňaç dagyň üstünde baýdak dikiň, söweşijilere gygyryň sesiňiz ýetdiginden, begleriň derwezelerinden girer ýaly, olara el bulaň. Özüme bagyş edilenlere buýruk berdim, urşujylarymy, şanyma guwanýanlarymy gazabymy dökdürtmek üçin çagyrdym. Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Sareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy. Şuny Ýahudada yglan et, Iýerusalimde jar et: «Ýurtda surnaý çalyň! Batly gygyryp diýiň: „Geliň, üýşüp, berk galalara gireliň!“. Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“». «Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“. Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar. Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy! Goragçylaryň teneçirler, baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, niredediklerini bilýän ýokdur.
Выбор основного перевода