Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bel hudaýy dyza çökýär, Nebo hudaýy egilýär, heýkelleri öküzlere ýüklenýär; daşaýan zatlaryňyz agyr ýük deý, ýadaw haýwanlara ýüklenilýär; hudaýlar egilýärler, dyza çökýärler, heýkellerini halas edip bilmän, özleri sürgün edilýärler. «Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“. Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler. «Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin! Muny Reb aýdýandyr. Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler. Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar. «Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler, onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода