Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz. Onsoň Ýermeýa Neriýanyň ogly Barugy çagyrdy. Baruk hem Rebbiň Ýermeýa aýdan ähli sözlerini onuň dilinden bir kagyza ýazdy. Belki, olar Hudaýyň huzurynda ýalbararlar we öz ýaman ýolundan dönerler. Çünki Rebbiň bu halkyň garşysyna aýdan sözi gahar-gazapdan doludyr». Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy. Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi: «Milletler arasynda yglan ediň, olara eşitdiriň, bir baýdak dikiň. Hiç zady gizlemän, şuny jar ediň: „Babyl basylyp alyndy, Bel hudaýy utanja galdy, Merodak hudaýy bölek-bölek edildi. Onuň heýkelleri masgara boldy, nejis butlary parçalandy“. Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider». «Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr. Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler. Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar. Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“. Babyldan gaçyp gutulyň, babyllylaryň ýurdundan çykyň, süriniň öňüni çekýän erkeç kimin boluň. Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez. Babyllylaryň ýurdy talaňa salnar, ony talanlaryň bary oljadan doýar. Muny Reb aýdýandyr. Eý, mirasymy talaýan babyllylar, siz şatlanýarsyňyz, galkynýarsyňyz, otlagdaky öküzçe deý bökjekleýäňiz, aýgyr atlar kimin kişňeýärsiňiz. Emma siziň ene ýurduňyz utanja galar, göbek ganyňyz daman ýeri aýak astyna salnar. Ine, ol milletler içinde iň ähmiýetsizi bolup: çöllüge, gurak ýere we çola ýurda öwrüler. Ol Rebbiň gazabyndan ýaňa ilatsyz galyp, bütinleý harabalyga öwrüler. Babyldan geçenler onuň ýaralaryna haýran bolup sykylyk çalarlar. Eý, kemançylar, Babylyň daş-töwereginde nyzama duruň. Oňa ok atyň, oky gaýgyrmaň, çünki ol Rebbe garşy günä etdi. Töwerek-daşdan oňa gygyryşyň, ol boýun egdi; onuň minaralary ýykyldy, diwarlary ýer bilen ýegsan boldy. Bu Rebbiň öjüdir, ondan öç alyň. Özi näme eden bolsa, oňa hem şony ediň. Ekin ekeni, orak döwri orakçyny Babyldan ýok ediň. Zalym gylyjyň zarbyndan gaçyp, her kim öz halkyna tarap öwrülsin, her kim öz ýurduna gaçsyn. Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi». Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Aşur patyşasyny jezalandyryşym ýaly, Babyl patyşasy bilen onuň ýurduny-da şeýle jezalandyraryn. Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar. Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr. Merataýym ýurduna we Pekot halkyna hüjüm et. Olary öldür, aman galanlary bütinleý ýok et, özüňe buýruşym ýaly et. Muny Reb aýdýandyr. Ýurtda uruş galmagaly, uly weýrançylyk bar! Babyl milletler arasynda nähili weýran boldy! Bütin dünýäni tokmaklan nähili döwlüp parçalandy! Men saňa duzak gurdum, eý, Babyl ýurdy, sen bilmän oňa düşdüň. Rebbe garşy çykandygyň üçin, sen tapyldyň hem tutuldyň. Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb babyllylaryň ýurdunda etmeli işiniň bardygy üçin, Reb gorhanasyny açyp, gazap bilen ýaraglaryny çykardy. Babyla her tarapdan hüjüm ediň, onuň ammarlaryny açyp, ony galla üýşmekleri kimin üýşüriň, ony bütinleý ýok ediň; ondan hiç zat galmasyn. Öküzleriniň ählisini öldüriň, olar soýulmaga äkidilsin. Waý olaryň halyna! Çünki olaryň güni doldy, jeza pursady geldi. Babyldan gaçyp gutulanlar Hudaýymyz Rebbiň öjüni, Onuň ybadathanasynyň öjüni Sionda yglan edýärler, Olaryň seslerini eşidiň! Ok atýanlary, kemançylaryň baryny Babylyň garşysyna çagyryň! Onuň töwerek-daşynda düşelge guruň, hiç kim ol ýerden gaçyp gutulmasyn. Eden işine görä onuň almytyny beriň, ähli edenlerini onuň özüne ediň. Ol Rebbe, Ysraýyl Mukaddesine garşy küpürlik etdi. Munuň üçin onuň ýaş ýigitleri meýdançalarda heläk bolar, ähli urşujylary ol gün dymdyrylar. Muny Reb aýdýandyr. Eý, tekepbir, Men saňa garşydyryn, muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çünki seniň günüň doldy, seni jezalandyrjak wagtym gelip ýetdi. Tekepbir büdräp ýykylar, ony hiç kim galdyrmaz. Men onuň şäherlerini oda ýakaryn, daş-töweregindäki ähli zady ot ýakyp ýandyrar». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl bilen ýahuda halky-da ejir çekýär, ýesir alanlaryň bary olary berk saklaýar, azat etmekden boýun gaçyrýar. Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer». «Babyllylara garşy gylyç insin! Babyl ilatyna, ýolbaşçylarydyr akyldarlaryna garşy gylyç insin! Muny Reb aýdýandyr. Galp pygamberleriň depesinden gylyç insin! Olar akmak bolarlar. Urşujylarynyň depesinden gylyç insin! Olar tapdan düşerler. Atlarynyň, söweş arabalarynyň depesinden, aralaryndaky ähli keseki esgerleriň üstünden gylyç insin! Olar heleý ýaly bolarlar. Hazynalaryna garşy gylyç insin! Olar talaňa salnarlar. Babyl butlar ýurdudyr, gorkunç butlar olary dälireder. Goý, onuň suwlary gurasyn, olar takyrap galsyn! Munuň üçin ol ýerde wagşy haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar mesgen tutarlar. Mundan beýläk onda ynsan ýaşamaz, nesiller boýy hiç kim aýak basmaz. Edil Sodomyň, Gomoranyň, olaryň goňşularynyň ýer bilen ýegsan bolşy ýaly, ol ýerde-de ýeke adam galmaz, hiç bir ynsan ýaşamaz». Muny Reb aýdýandyr. Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar. Olar ýaýdyr naýza bilen ýaraglanan, özleri hem rehimsiz hem zalymdyrlar. Olar atlara atlanan, sesleri deňiz ýaly güwleýär. Olar bir adam ýaly söweşe taýýar bolup, seniň garşyňa nyzama durdular, eý, Babyl gyzy! Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary. Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim? Munuň üçin Rebbiň Babyl hakdaky kararyny, babyllylaryň ýurduna niýetlän maksadyny eşidiň: Hakykatdan hem sürüleriniň iň kiçisi-de dargadylar, sürüleri olaryň kysmatyndan ýaňa dowla düşerler. Babyl ele salnanda boljak galmagaldan ýer ýüzi sarsar; gykylyklarynyň sesleri milletleriň arasyndan eşidiler». Reb şeýle diýýär: «Men Babylyň, ýagny Lebkamaýyň ilatynyň garşysyna heläkleýji ýel turzaryn. Babyla gelmişekleri ýollaryn, ony sowrup, ýurduny boş goýarlar. Betbagtlyk güni ony her tarapdan gurşarlar. Kemançy ýaýyny gursun, sowudyny geýip taýýar bolsun. Babylyň ýaş ýigitlerini gaýgyrmaň, ähli goşunyny bütinleý ýok ediň. Öldürilenler babyllylar ýurdunda, ýaralylar onuň köçelerinde ýazylsyn. Olaryň ýurdy Ysraýyl Mukaddesine garşy günälerden doly bolsa-da, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Reb Ysraýyl bilen Ýahudany terk etmedi. Babyldan gaçyň, her kim janyny halas etsin! Onuň ýazygy sebäpli heläk bolmaň, çünki bu Rebbiň öç aljak wagtydyr, Babylyň almytyny berjek Oldur. Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar. Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar. Biz Babyla şypa berjek bolduk, ýöne ol şypa tapmady! Ony taşlaň, gideliň! Her kim öz ýurduna gitsin! Onuň agyr hökümi göklere ýetdi, bulutlara çenli beýgeldi. Reb bizi aklady, geliň, Hudaýymyz Rebbiň işini Sionda yglan edeliň. Oklary ýiteldiň, sagdaklary dolduryň! Reb madaýlaryň patyşalarynyň ruhuny oýardy; Onuň maksady Babyly ýok etmekdir, Reb Öz öjüni – ybadathanasynyň öjüni alar. Babyl galasyna garşy tugy galdyryň; gözegçiligi güýçlendiriň, sakçylar goýuň, bukulary taýynlaň; çünki Reb Babyl ilatyna garşy niýetlänini we aýdanyny ýerine ýetirdi. Eý, bol suwlar ýakasynda, baý hazynaly ýerde ýaşaýan halk! Seniň soňuň geldi, ömür tanapyň kesildi!» Hökmürowan Reb Özünden ant içdi: «Seni çekirtge sürüsi kimin esgerler bilen dolduraryn, olar saňa garşy ýeňiş nagrasyny çekerler». Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy. Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär. Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur. Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar. Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. «Sen Meniň gürzim – uruş ýaragymsyň, Men seniň bilen milletleri gyraryn, seniň bilen patyşalyklary weýran ederin. Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn, seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn. Seniň bilen erkekleri hem aýallary, garrylardyr ýaşlary, oglanlardyr gyzlary gyraryn. Seniň bilen çopany we sürüsini, daýhany we ýer sürýän öküzlerini, ýolbaşçylary we häkimleri gyraryn. Sionda gözüňiziň alnynda Babyl ýurdunyň we ähli babyllylaryň eden hemme ýamanlyklaryny özlerine gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr. Men saňa garşydyryn, eý, weýran edýän dag! Bütin dünýäni ýykan dag! Muny Reb aýdýandyr. Elimi saňa garşy uzadyp, seni gaýalardan aşak togalaryn, seni ýanan daga öwrerin. Senden burç daşyny, binýat daşyny almazlar, sen ebedilik haraba bolarsyň». Muny Reb aýdýandyr. Ýurtda baýdak dikiň, milletler arasynda surnaý çalyň, milletleri Babyl bilen uruşmaga taýýarlaň. Ararat, Minni we Aşkenaz patyşalyklaryny Babylyň garşysyna çagyryň, onuň garşysyna serkerde belläň, üstüne çekirtge sürüsi kimin atlar ýollaň. Milletleri, ýolbaşçylary, häkimleri bilen birlikde madaý patyşalaryny we olaryň gol astyndaky ähli ýurtlary Babylyň garşysyna söweşe toplaň. Ýurt titräp, lerzana gelýär! Çünki Babyl ýurduny ilatsyz haraba öwürmek baradaky Rebbiň niýeti amala aşýar. Babylyň batyrlary söweşmekden el çekdi, öz berkitmelerinde otyrlar, olaryň güýji gaçyp, heleý ýaly boldular, ýaşaýan ýerlerine ot berildi, derwezeleriniň kiltleri döwüldi. Çapar üstüne çapar, habarçy üstüne habarçy ylgaşyp, Babyl patyşasyna şu habary ýetirdiler: «Şäher doly basylyp alyndy, geçelgeler ele salyndy, gamyşly batgalyklara ot berildi, urşujylara gorky aralaşdy». Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Döwek wagty harman ýeri nähili tapbatlanýan bolsa, Babyl gyzy-da şeýle ediler. Ýene az salymdan onuň oruljak wagty geler. Babyl patyşasy Nebukadnesar bizi çeýnedi, bizi owradyp ýenjip, boş gaba öwürdi. Aždarha kimin ýuwutdy bizi, garnyny näz-nygmatdan doýrup, soňra bizi gusup taşlady. Sionyň ilaty: „Maňa we ysraýyl doganlaryma edilen zorluk Babylyň başyna gelsin!“ diýer. Iýerusalim: „Dökülen ganymyzyň huny, goý, babyllylardan soralsyn!“ diýer». Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men seniň hakyňy alyp bererin, seniň öjüňi alaryn, Babyl deňzini takyradaryn, çeşmesini guradaryn. Babyl daş üýşmeklerine, şagallar sürenine öwrüler, howp we ryswaçylyga dönüp, ol ýerde hiç kim ýaşamaz. Babyl halky arslan deý arlar, arslan çagasy kimin hyňranar. Işdäleri açylan wagty bolsa, Men olara meýlis guraryn. Şatlanyp, ebedi uka gitsinler, hiç wagt oýanmasynlar diýip, olary serhoş ederin. Muny Reb aýdýandyr. Olary guzy, goç, geçi kimin soýulmaga ibererin. Wah! Şeşak basylyp alyndy! Wah! Bütin dünýäniň şöhraty ele salyndy! Babyl milletler arasynda howpa öwrüldi! Babyly deňiz basdy; äpet tolkunlar ony büredi. Onuň şäherleri weýran boldy, ýurdy hiç kim ýaşamaýan, hiç bir ynsan geçmeýän gurak bir çöle döndi. Babyl hudaýy Beli jezalandyraryn, ýuwudanyny gusduraryn, milletler gaýdyp oňa tarap eňmezler, Babylyň diwary ýykylar. Eý, halkym, ol ýerden çyk, Rebbiň gahar-gazabyndan hemmäňiz janyňyzy halas ediň. Ýurtda eşidiljek myş-myşlara ýüregiňiz tapdan düşmesin, gorkmaň. Bir ýyl bir habar geler, soňraky ýyl başga bir habar. Ýurtda zorluk höküm sürüp, bir şanyň başga bir şa garşydygy hakda gep-gürrüňler ýaýrar. Munuň üçin Meniň Babylyň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler. Onuň tutuş ýurdy utanja galar, jesetleri ýurduň ortasynda ýere serler. Onsoň demirgazykdan gelen ýok ediji oňa hüjüm edende, asman, ýer we olardaky ähli zat Babylyň başyna gelen zatlara şatlanyp gygyryşar. Muny Reb aýdýandyr. Eý, Ysraýylyň öldürilenleri! Tutuş ýer ýüzüniň öldürilenleri üçin Babyl-da öz gezeginde heläk bolar. Eý, gylyçdan gaçyp gutulanlar, gidiň, saklanmaň! Rebbi uzak ýurtda ýatlaň Iýerusalim hakda oýlanyň. Biz käýinç eşidenimizde utandyk. Gelmişekler Rebbiň öýüniň mukaddes ýerlerine girdiler, şonda ýüzümizi ryswalyk örtdi». «Onuň butlaryny jezalandyrjak günlerim geler, onuň bütin ýurdunda ýaralylar iňlär. Muny Reb aýdýandyr. Babyl göklere çyksa-da, galasyny belent ýerde berkitse-de, Men üstüne ýok edijini ýollaryn». Babyldan gykylyk sesi eşidilýär, ol ýerden weýrançylyk sesi gelýär! Çünki Reb Babyly weýran edýär, şowhunyny basyp ýatyrýar. Tolkunlary bol suw deý güwleýär, galmagally sesleri eşidilýär. Babylyň garşysyna heläkleýji çykdy, onuň batyr ýigitleri ele salyndy, ýaýlary bölek-bölek boldy, çünki Reb öç alýan Hudaýdyr; onuň etmişiniň almytyny berer. Men onuň ýolbaşçylaryny, akyldarlaryny, häkimlerini, serkerdelerini, urşujylaryny serhoş ederin. Olar ebedi uka gidip oýanmazlar. Muny ady Hökmürowan Reb bolan Patyşa aýdýar. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babylyň galyň diwarlary ýer bilen ýegsan bolar, onuň belent derwezeleri ýakylar, halklar biderek ýere zähmet çekerler, milletleriň der döken zähmeti oda taşlanar».
Выбор основного перевода