Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi. Onsoň Sidkiýa Ýermeýa şeýle diýdi: «Bu gürrüňimizi hiç kim bilmesin, ýogsam ölersiň. Eger ýolbaşçylar meniň seniň bilen gepleşendigimi eşidip, ýanyňa gelip: „Patyşa bilen araňyzda näme gürrüň bolan bolsa, hiç zady ýaşyrman bize aýdyp ber, ýogsam seniň ýoguňa ýanarys“ diýseler, olara: „Meni yzyma Ýonatanyň öýüne iberme, ýogsam men ol ýerde ölerin diýip patyşa ýalbardym“ diýip aýt». Onsoň ähli ýolbaşçylar Ýermeýanyň ýanyna gelip, ony sorag etdiler. Ol hem patyşanyň buýran sözlerine görä jogap berdi. Edilen gürrüň bilinmän galansoň, olar oňa hiç zat diýmediler. Ýermeýa Iýerusalimiň basylyp alnan gününe çenli garawulhanada galdy.
Выбор основного перевода