Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şawulyň daýysy: «Ol size näme diýdi?» diýip, ondan sorady. Şawul daýysyna: «Ol bize eşekleriň tapylandygyny anyk aýtdy» diýdi. Ýöne Şamuweliň patyşalyk babatda aýdanlaryny ol daýysyna aýtmady. Şawul Ysraýylyň üç müň sany men diýen adamyny ýanyna alyp, Zip çölüne Dawudy tutmaga gitdi. Şawul ýoluň golaýyndaky Ýeşimonyň garşysynda bolan Hakyla dagynda düşelge gurdy. Emma Dawut çölde galypdy. Şawulyň öz yzyndan çöle gelendigini bilende, Dawut jansyzlar iberip, Şawulyň hakykatdan hem gelendigini anyklady. Soňra Dawut Şawulyň düşelge guran ýerine geldi. Ol Şawulyň öz goşunbaşysy Neriň ogly Abner bilen bir ýerde bile ýatandygyny gördi. Şawul düşelgäniň içinde ýatyrdy, goşun bolsa onuň töwereginde düşelge gurupdy.
Выбор основного перевода