Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahap Ylýasy görüp, oňa: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän senmisiň?» diýdi. Ylýas oňa şeýle jogap berdi: «Ysraýyl halkyny biynjalyk edýän men däldirin. Sen we seniň ata-babalaryň Rebbiň tabşyryklaryny terk edip, Bagalyň yzyna eýerdiňiz. Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň! Ýa Reb, Sen meni öldürmek üçin edilen bu dildüwşükleriň baryny bilýänsiň. Olaryň ýazygyny bagyşlama, günälerini nazaryňdan düşürme. Goý, olar huzuryňda ýykylsynlar, olara garşy gazabyňda hereket et. Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler. Sizi ýesir edip getiren şäherimiň parahatlygyny gazanmaklyga çalşyň. Ol şäher üçin Rebbe dileg ediň, çünki siziň parahatlygyňyz onuň parahatlygyna baglydyr“. Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez. Olar Isany ýazgarmaga başladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygyny gördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». Olary häkimleriň öňüne getirip: «Bu adamlar şäherimizde başagaýlyk döredýärler. Özleri hem ýahudylar,
Выбор основного перевода