Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer. Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi. Mattanyň ogly Şepatýa, Paşhuryň ogly Gedalýa, Şelemýanyň ogly Ýehukal we Malkyýanyň ogly Paşhur Ýermeýanyň ähli halka aýdan bu sözlerini eşitdiler: «Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“. Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“». Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. Patyşanyň efiopiýaly köşk emeldary Ebetmelek Ýermeýanyň guýa taşlananyny eşitdi. Şol wagt patyşa Benýamin derwezesinde otyrdy. Ebetmelek patyşanyň köşgünden çykyp, patyşa ýüzlenip: «Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi gurruk guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi. Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
Выбор основного перевода