Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Ýahuda patyşasy Sidkiýa babyllylaryň elinden gaçyp gutulyp bilmez, gaýtam, ol Babyl patyşasynyň eline tabşyrylar we ony öz gözleri bilen görüp, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşer. Babyl patyşasy Riblada Sidkiýanyň ogullaryny öz gözüniň alnynda öldürtdi. Şeýle-de, ol Ýahudanyň ähli ýolbaşçylaryny öldürtdi. Onsoň Ysmaýyl janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Mispada Ahykamyň ogly Gedalýa beren halkynyň ählisini, patyşanyň gyzlaryny, umuman, ol ýerde aman galan halkyň hemmesini ýesir aldy. Netanýanyň ogly Ysmaýyl olary ýesir alyp, ammonlaryň tarapyna geçmek üçin ýola düşdi.
Выбор основного перевода