Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üçin ýolbaşçylar patyşa şeýle diýdiler: «Bu adam öldürilsin, sebäbi ol şeýle sözleri aýdyp, bu şäherde aman galan urşujylar bilen ähli halky ruhdan düşürýär. Çünki bu adam bu halka ýagşylyk däl-de, ýamanlyk isleýär». Sidkiýa patyşa: «Ine, ol siziň eliňizde, patyşa size garşy hiç bir zat edip bilmez» diýdi. Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy. Onsoň ähli ýolbaşçylar Ýermeýanyň ýanyna gelip, ony sorag etdiler. Ol hem patyşanyň buýran sözlerine görä jogap berdi. Edilen gürrüň bilinmän galansoň, olar oňa hiç zat diýmediler.
Выбор основного перевода