Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Ýahuda halky hem öz Hudaýy Rebbiň tabşyryklaryny berjaý etmedi, ol-da ysraýyllaryň adatlaryna eýerdi. Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy. Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da çökderdi. Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin. Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin. Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar.
Выбор основного перевода