Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler. Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy. Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm. Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler». Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerip, hersi özüçe hereket etdi. Munuň üçin Men bu ähtiň ähli sözlerini olaryň başlaryndan inderdim. Men olara bulary berjaý etmegi buýrupdym, emma olar etmediler». Mukaddes öýümiz owal-başdan belende göterilen şöhratly tagt kimindir.
Выбор основного перевода