Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler. Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse), kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň. Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň. Sen aşurlylar bilen-de zyna etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zyna etdiň, şonda-da ganmadyň. Zynagärligiňi söwdagärleriň ýurdy bolan babyllylaryň ýurduna çenli artdyrdyň; ýöne munuň bilen-de doýmadyň. Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Выбор основного перевода