Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi. Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler. Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi. Men ol bu zatlary edenden soň, Maňa tarap öwrüler öýtdüm, emma ol öwrülmedi; muny onuň haýyn uýasy gördi.
Выбор основного перевода