Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn. Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Ýa Taňry, Sen ýagşy we geçirimli, Seni çagyrýanlaryň baryna eçilýärsiň sadyk söýgiňi. Sen bolsa, ýa Taňry, rehimli, merhemetli Hudaýsyň, Sen giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý. Reb rehimdar we merhemetli, sadyk söýgä baý we giň göwünli, Ol bizi hemişe ýazgaryp durmaz, Öz gaharyny baky saklamaz. Eý, ysraýyl halky, garşysyna uly pitne turzan Rebbe tarap öwrüliň! Eşikleriňize derek ýürekleriňizi parçalaň, Hudaýyňyz Rebbe dolanyp geliň». Ol merhemetli hem rehimli, giň göwünli, sadyk söýgä baý, Ol jeza bermekden el çekmäge taýýar. Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
Выбор основного перевода