Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän. «Men seni eneňiň göwresinde şekil bermezimden öň tanadym. Eneden dogulmazyňdan öň seni Özüme bagyş etdim, milletlere pygamber belledim». Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim. Emma Reb maňa şeýle diýdi: «Sen özüňe ýaş oglan diýme. Kimiň ýanyna ibersem, gidersiň; näme buýursam, şony aýdarsyň. Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr. «Olar eşider ýaly men kime aýdaýyn, kime duýduryş bereýin? Serediň, olaryň gulaklary gapyk, eşitmeýärler. Olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam, ony ýaňsylaýarlar. Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi. Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum. Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.
Выбор основного перевода