Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çar tarapdan howp abanýar olara, howp olaryň söbügine düşýär. Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz. Derilerini dert iýýär, el-aýaklaryny ölüm ýuwudýar. Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, howplar şasynyň ýanyna getirilýär. Çadyrlarynda hiç zat galmaýar, ýurtlaryna kükürt ýagdyrylýar. Kökleri guraýar aşakda, şahalary solýar ýokarda. Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylýar, köçelerde atlary ýatlanylmaýar. Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, dünýäden kowulýarlar. Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bar, mesgeninde yzynda hiç kim galmaýar Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galýarlar, howp gurşaýar soňky nesilleri. Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur». Daşary çykmaň, ýoldan ýöremäň, çünki duşmanyň elinde gylyç bar, ähli tarapdan howp abanýar. «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň daşky diwarlaryňyzy gabaýan Babyl patyşasy bilen babyllylaryň garşysyna ulanýan eliňizdäki ýaraglaryňyzy yzyna öwrerin. Olaryň hemmesini bu şäheriň ortasyna üýşürerin. Güýç-gudratym bilen, güýçli gaharym bilen gazap atyna atlanyp, Meniň Özüm siziň garşyňyza urşaryn. Men bu şäherdäkileriň baryny: ynsandyr haýwanyny heläk ederin. Olar aýylganç mergiden ölerler. Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“. Bu halka hem Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men ýaşaýyş ýoly bilen ölüm ýoluny siziň öňüňizde goýýaryn. Bu şäherde galan gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma daşary çykyp, özlerini gaban babyllylaryň eline düşen öz janyny gutaryp aman galar. Men bu şähere ýagşylyk däl-de, betbagtlyk indermek kararyna geldim. Muny Reb aýdýandyr. Bu Babyl patyşasynyň eline berler we ol hem muny oda ýakar“. Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer. Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi.
Выбор основного перевода