Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki köpleriň ýamanlamasyny eşidýärin men, maňa garşy dildüwşük guranlarynda, janyma kast etmekçi bolanlarynda, töwerek-daşymy gorky gaplaýar. Olar bolsa büdränime şatlanyp, ýygnanardylar; myjabatçylar maňa garşy toplanardylar; agsan bolup, meni ýaňsylardylar; meni dyngysyz parçalardylar. Hatda duzumy iýen, bil baglan dostum maňa haýynlyk etdi. Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär, janymy almak üçin meni aňtaýar. Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär. Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradaky soraglary ýagdyrmaga başladylar. Şeýdip, Isany sözünde tutjak bolup, amatly pursady peýleýärdiler.
Выбор основного перевода