Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi. Ol şeýle diýdi: «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin! Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, onuň üstüne ýagty düşmesin! Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn. Bulutlar örtsün ony, garaňkylyk ony gorka salsyn! Şol gijäni zulmat gaplasyn, ol gije ýylyň günlerine girizilmesin. Goý, ol önelgesiz gije bolsun, onda şatlykly owaz eşidilmesin! Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler! Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, yşyga umyt baglasyn, ýöne yşyk bolmasyn, daň şapagyna ýüzi düşmesin! Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, hasraty meniň gözlerimden gizlemedi. Näme üçin meni ýagty ýalança inderdiň? Wah, hiç kim görmänkä ölen bolsadym. «Waý meniň halyma! Wah, ejem, sen meni bütin dünýä bilen jedelleşsin hem dawa etsin diýip dogrupsyň! Men hiç kime karz bermedim hem, almadym hem. Şonda-da hemmeler maňa nälet okaýarlar».
Выбор основного перевода