Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň men Rebbe: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Pygamberler olara gylyç ýüzüni görmersiňiz, açlyk belasyny çekmersiňiz, bu ýerde hakykatdan-da sag-salamat ýaşarsyňyz diýýärler» diýdim. Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir». Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Rebbiň öýüniň baş gözegçisi Immeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýanyň bu sözleri pygamberlik edenini eşitdi. Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň. Munuň üçin Reb şeýle diýýär: „Ine, Men seni ýer ýüzünden sogrup taşlaryn. Şu ýyl ölersiň, çünki sen Rebbiň garşysyna geplediň“». Şeýlelikde, Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda öldi. Meniň adym bilen size ýalandan pygamberlik edýän Kolaýanyň ogly Ahap bilen Magaseýanyň ogly Sidkiýa hakda Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olary Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline tabşyraryn. Ol hem gözüňiziň alnynda olary öldürer.
Выбор основного перевода