Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur». Sen Öz gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň üstüne, adyňy çagyrmaýan şalyklaryň üstüne. Çünki olar ýuwutdylar Ýakup halkyny, wes-weýran etdiler onuň ýurduny. Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler. Kim tapsa iýdi olary. Duşmanlary diýdiler: „Biz ýazykly däl, sebäbi olar hakykat örüsi bolan Rebbe garşy, atalarynyň umydy bolan Rebbe garşy günä etdiler“. Ysraýyl arslanlar kowalap dargadan goýun sürüsine meňzeýär. Ony ilki Aşur patyşasy ýuwutdy, Babyl patyşasy Nebukadnesar soňra onuň süňklerini gemirdi».
Выбор основного перевода