Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär. saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Ýeri suwlaryň üstüne ýazan hem Oldur, Onuň söýgüsi baky. Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur. Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy. Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär. Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur. Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar. Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
Выбор основного перевода