Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ýaşan ýeriňiz bolan Müsür ýurdunyň we sizi indi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň. Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda, ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň. Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki, olardan peýda görersiň, belki, olar bilen gorkuzarsyň! Maslahatçylaryň köplüginden ýaňa ýadadyň. Goý, müneçjimler, her aý üçin täleýnama düzýänler, ör tursunlar-da, başyňa geljek zatlardan seni gutarsynlar indi. Ine, olar sypal kimindirler, ot olary ýandyrýar; janlaryny ýalnyň güýjünden halas edip bilmeýärler. Bu ot ne çoýunara köz, ne-de alaw bolar başynda oturara.
Выбор основного перевода