Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler. «Meniň örimiň goýunlaryny ýok edip, dargadýan çopanlaryň waý halyna! Muny Reb aýdýandyr. Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Reb halkymy bakýan çopanlar hakda şeýle diýýär: „Siz Meniň sürimi dargatdyňyz, kowduňyz, olary idetmediňiz. Ine, Men ýaramaz işleriňiz zerarly sizi jezalandyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar. «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir? Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular. Goýunlarym bütin daglarda we belent depelerde ygyp gezdiler; Meniň goýunlarym bütin ýer ýüzüne dargady, olary soran-da bolmady, idän-de“». Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.
Выбор основного перевода