Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb dogrynyň gadamyny berkarar edýär, Ol onuň ýolundan göwnühoş bolýar. Erbediň gorkusy başyna geler, dogruçyllar myradyna ýeter. Adamyň her ätjek ädimi Rebdendir. Şeýle bolansoň, adam öz ýoluna nädip düşünsin? Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.
Выбор основного перевода