Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Pilat ýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiç hili etmiş görmedim» diýdi. olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnynda soraga çekdim, emma Ol baradaky aýyplamalaryňyz dogry çykmady. Pilat üçünji gezek olara: «Näme üçin? Bu adam näme ýamanlyk etdi? Men Ondan ölüm jezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi. Pilat Ondan: «Hakykat näme?» diýip sorady. Muny diýenden soň, ol ýene ýahudylaryň ýanyna çykyp, olara: «Men Ondan hiç bir ýazyk tapmadym. Pilat ýene daşary çykyp, ýahudylara: «Ine, Ony siziň öňüňize getirýärin. Ondan hiç bir aýyp tapmandygymy bilip goýuň» diýdi. Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlar Isany görüp: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. Pilat olara: «Ony äkidip, özüňiz haça çüýläň. Men-ä Ondan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi. Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň». Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim. Iýerusalime dolanyp gelip, ybadathanada Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi. Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim. Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler.
Выбор основного перевода