Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler. Sizi sinagogalardan kowarlar. Şeýle bir döwür geler, sizi öldürmek bilen her bir kişi Hudaýa hyzmat edýändirin öýder. Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler. Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm. Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».
Выбор основного перевода