Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bütin şäher aýaga galdy, hemme tarapdan ylgaşyp gelen halk birleşdi-de, Pawlusy tutup, ybadathanadan daşary süýredi. Şobada hem ybadathananyň gapylary ýapyldy. Pawlusy öldürjek bolup durkalar, Rim goşunynyň müňbaşysyna bütin Iýerusalimiň aýaga galandygy baradaky habar gelip gowuşdy. Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler. Şol wagt müňbaşy golaý gelip, Pawlusy tussag etdi we goşa zynjyrlar bilen baglamagy buýurdy. Soňra ol: «Bu adam kim? Ol näme etdi?» diýip sorady. Pawlusy gamçylamak üçin baglanlarynda, Pawlus ýanynda duran ýüzbaşydan: «Rim raýatynyň hiç hili aýyby ýok hem bolsa, ony gamçylamak siziň kanunyňyza laýyk gelýärmi?» diýip sorady. Ýüzbaşy muny eşidip, müňbaşynyň ýanyna baryp: «Näme etjek bolýaň? Bu adam Rim raýaty ahyry» diýip habar berdi. Şonda müňbaşy Pawlusyň ýanyna gelip: «Maňa aýt, sen Rim raýatymy?» diýip sorady. Ol: «Hawa» diýip jogap berdi. Müňbaşy: «Menem! Ýöne men bu raýatlygy köp pul töläp aldym» diýdi. Pawlus: «Men bolsa Rim raýaty bolup doguldym» diýdi. Ony soraga çekjek bolup duranlar şobada onuň ýanyndan çekildiler. Müňbaşy hem Pawlusyň Rim raýatydygyny bilende, onuň elini-aýagyny bagladany üçin gorkdy.
Выбор основного перевода