Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar. Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň. Bu pygamberler parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ diýip, Meniň halkymy azdyrýarlar; biri diwar salanda, olar muňa hek çalýarlar. Hek çalýanlara diwar ýykylar diý; güýçli ýagyş bilen daşly dolular ýagar; diwary tupanly ýel ýumrar. Diwar ýykylanda, sizden çalan hekiňiziň nirededigini soramazlarmy?!“. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men gazaplanyp, tupanly ýel bilen diwary ýumraryn, gaharym bilen güýçli ýagyş we daşly doly ýagdyryp, diwary ýer bilen ýegsan ederin. Hek çalan diwaryňyzy ýykaryn, ony ýer bilen ýegsan ederin, onuň düýbi görner. Diwar ýykylyp, siz içinde heläk bolarsyňyz. Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“. Men diwara we oňa hek çalanlara gazabymy döküp, size şeýle diýerin: „Diwar-da, oňa hek çalanlar-da ýok boldular. Iýerusalimde parahatçylyk ýok ýere ‘parahatçylyk’ barada aýanlyk alan Ysraýyl pygamberleri-de ýok boldy“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz agardylyp, daşyndan owadan görünýän, emma içi ölüleriň süňkleridir her tüýsli murdarlykdan doly mazarsyňyz. «Kanunymyza görä bir adamy öňürti diňlemän, näme edenini bilmän, oňa höküm çykarmak dogrumydyr?» diýdi.
Выбор основного перевода