Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi. Pawlus ýaňy söze başlamakçy bolup durka, Galiýo ýahudylara ýüzlenip: «Eý, ýahudylar! Eger dawaňyz bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat hakda bolan bolsady, sizi sabyrlylyk bilen diňlemegi makul bilerdim. Emma meseläňiz sözler, atlar we öz kanunyňyz barada eken, bulary özüňiz çözüň. Meniň bulara kazylyk edesim gelenok» diýdi. Emma onuň garşysyna geplän şikaýatçylar oňa meniň garaşan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler. Muňa derek olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölüp giden, emma Pawlusyň diri diýýän adamy barada jedelleri bar eken. Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler. Olar meni soraga çekenlerinden soň, boşatjak boldular, sebäbi meni öldürmäge hiç bir esas tapmadylar.
Выбор основного перевода