Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler Pawlusy çagyryp getirenlerinde, Tertul ony aýyplamaga başlady: «Belent mertebeli Feliks! Seniň saýaňda biz ençeme wagtdan bäri parahatçylykda ýaşaýarys. Uzakdan görüjiligiň bilen halkymyz üçin uly özgertmeleri amala aşyrdyň. Biz muny hemme ýerde we hemişe çuňňur minnetdarlyk bilen tassyklaýarys. Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin. Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
Выбор основного перевода