Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Dirilik nepesimiz, Rebbiň seçip-saýlany olaryň çukuryna gaçdy. Biz ol hakda: «Onuň saýasynda milletler arasynda ýaşarys» diýipdik. Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular. Ol belentligi bilen, şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi, köki-de çuň suwlara ýetipdi. owadan ýapraklary, hemmelere ýetjek diýseň bol miwesi bolan, kölegesinde ýabany haýwanlaryň ýatýan, şahalarynda gögüň guşlarynyň höwürtgeleýän agajy, Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler». Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi. Ol bir adamyň öz mellegine eken gorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär, guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.
Выбор основного перевода