Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly, tokaý saýaly kedr agajydy. Onuň boýy uzyndy, başy bulutlarda ýerleşýärdi. Suwlar ony ösdürdi, ýerasty bulaklar ony belent etdi; daş-töweregini derýalar gurşap, akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy. Munuň üçin onuň boýy beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy, baldaklary güreldi; suwuň bollugyndan şahalary uzady. Pudaklarynyň üstünde gögüň ähli guşlary höwürtgelediler; şahalarynyň astynda ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular. Ol belentligi bilen, şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi, köki-de çuň suwlara ýetipdi. Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna, serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi, çynarlar onuň şahalaryna deň däldi, Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç gözellikde oňa taý gelmeýärdi. Men ony gür şahalar bilen bezäpdim; Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“». Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi. Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim, gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler. Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler». Men bir düýş gördüm, ol meni gaty gorkuzdy. Ýatyrkam hyýallarym we gören görnüşlerim meni howsala saldy. Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,
Выбор основного перевода