Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim, gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. Hyýalyma ýatyrkam gören düýşüm üznüksiz gelip durdy, ine, gökden bir gözegçi perişde inip gelýärdi. Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: „Agajy kesiň, şahalaryny döwüň, ýapraklaryny ýoluň, miwesini pytradyň. Goý, haýwanlar onuň aşagyndan gaçsynlar, guşlar onuň şahasyndan uçsunlar. Eý, patyşa, sen bir gözegçi perişdäniň gökden aşak inip gelýänini gördüň. Ol: „Agajy kesip, ony ýok ediň, emma onuň köküniň we damarynyň daşyna demir hem bürünç aýlap, meýdan otlarynyň içinde goýuň. Üstünden ýedi pasyl geçýänçä, goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn we çöl haýwanlary bilen bile paý alsyn“ diýdi. Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi.
Выбор основного перевода