Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Utanja gapla olaň ýüzüni, ýa Reb, şonda olar agtarar Seniň adyňy. Baky ryswa bolup, goý, dowla düşsün, utanç içinde ýok bolup gitsin. Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýysyň! „Men dünýäni, ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlardyr haýwanlary beýik gudratym hem güýjüm bilen ýaratdym. Olary göwnümiň islän kişisine bererin. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.
Выбор основного перевода