Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler. Faraon Ýusuba: «Men bir düýş gördüm, ýöne ony ýorup bilýän ýok. Men sen düýş ýorup bilýärmişiň diýip eşitdim» diýdi. Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi. Onsoň jadygöýler, palçylar, müneçjimler we bilgiçler geldiler. Men olara gören düýşümi gürrüň berdim, emma olar ony ýorup bilmediler. «Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber. Onsoň patyşanyň ähli akyldarlary içeri girdiler, emma olar patyşa bu ýazgyny ne okap berip, ne-de onuň manysyny düşündirip bildiler. Bu ýazgyny okap, onuň näme aňladýandygyny maňa aýdyp bermekleri üçin akyldarlary, palçylary huzuryma getirdiler, emma olar munuň näme aňladýandygyny düşündirip bilmediler. Özüniň ýiti zehini bilen Danyýel derrew beýleki wezirleriň we häkimleriň ählisinden tapawutlandy. Patyşa ony tutuş patyşalygyň üstünden garaýan edip bellemegiň niýetindedi.
Выбор основного перевода