Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin». Ejizlere rehimli garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder. Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň. Hassalyk düşeginde Reb onuň daýanjy bolar, Reb oňa bütinleý şypa berer. Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar. Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur. Rebbi tapylýarka, agtaryň, ýakyndaka, çagyryň. Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir. emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin. Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez. Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanman, ol eden dogry işlerinde ýaşar. Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi. Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler. Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar. Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip,
Выбор основного перевода