Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi. Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi. Zewsiň buthanasy şäheriň daşynda ýerleşýärdi. Zews ruhanysy boýnuna gül çemenleri geýdirilen öküzleri şäher derwezeleriniň agzyna getirip, halk bilen birlikde gurbanlyk berjek boldy. Adamlar onuň çişmegine ýa-da birdenkä ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Emma köp garaşyp, oňa hiç zat bolmandygyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol hudaýdyr!» diýişdiler. Men perişdä sežde etmek üçin, onuň aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Ýok, maňa sežde etme! Men hem sen we Isa barada şaýatlyk edýän doganlaryň ýaly Hudaýyň bir guludyryn. Diňe Hudaýa sežde et! Isa barada şaýatlyk edýänler pygamberlik ruhuna eýe bolýandyrlar».
Выбор основного перевода